- ýykyk
- Abat däl, ýykylyp weýran bolan, berbat bolan, ýumrulan.∙ Şol barmana, ýykyk köpriniň agajyna büdräp, elini ýere diräp galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Biri-biriniň üstüne ýelmenen ýaly depejikler, ýykyk tamjagazlar tiz-tiz göz öňüne gelip geçdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem ýykyk - ýykygy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.